HALKARA DÖREDIJILIK DUŞUŞYGY
Mälim bolşy ýaly, Hytaý Halk Respublikasynyň Şanhaý sungat eserleriniň ýygyndysy muzeýiniň direktory jenap Hu Musziniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Türkmenistana iş sapary dowam edýär. «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda bu wekiliýet saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýine myhmançylyga geldiler.
Myhmanlar ilki bilen muzeýe aýlanyp türkmen sungat eserlerini synladylar. Muzeýiň gaznahanasynda eserleriň çeperçilik taýdan rejeleýiş işleriniň geçirilişi bilen tanyşdylar. Soňra Jenap Hu Musziniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen Şekillendiriş sungaty muzeýiniň ýolbaşçysynyň arasynda muzeý işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda muzeý işiniň özara gyzyklanma bildirýän wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Olardan Hytaý Halk Respublikasynyň Şanhaý sungat eserleriniň ýygyndysy muzeýi bilen Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi bilelikde türkmen şekillendiriş sungatynyň taryhyny hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň medeniýetini açyp görkezýän sergileri yzygiderli geçirmegi maksat edilýär. Maslahatyň ahyrynda Hytaý Halk Respublikasynda yzygiderli geçirilýän Halkara (Şanhaý) Maddy däl Medeni Mirasy Goramak forumynyna gatnaşmagyna çagyrdy.


