GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ «PARAHATÇYLYK SAZY, DOSTLUK DOGANLYK SAZY» ATLY KITABYNDAN SÖHBETDEŞLIK


GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ «PARAHATÇYLYK SAZY, DOSTLUK DOGANLYK SAZY» ATLY KITABYNDAN SÖHBETDEŞLIK

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasynda Gahryman Arkadagymyzyň «Parahatçylyk sazy, dostluk doganlyk sazy» atly kitabyndan gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmeniň ruhy dünýäsini baýlaşdyrmakda, türkmen medeniýetini, sungatyny, äleme ýaýmakda nusgalyk işleri amala aşyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň Parahatçylyk sazy, dostluk doganlyk sazy, atly kitaby hem türkmen halkynyň pelsepewi dünýäsini açýar. Şeýle-de kitapda türkmen halkynyň millilige, parahatçylyga bolan söýgüsi, saz-sungaty, özboluşlylygy bilen jemlenendigi barada gürrüň berdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.