PARAHATLYK GELJEGE IŇ MUKADDES MIRASDYR


PARAHATLYK GELJEGE IŇ MUKADDES MIRASDYR

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň inžener–tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň bilelikde guramagynda «Parahatlyk geljege iň mukaddes mirasdyr» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde halkymyzyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrmakda, türkmen medeniýetini, sungatyny äleme ýaýmakda nusgalyk işleri amala aşyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden dörän «Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp goşgusyndan ugur alyp döwrümiziň şanyna şan goşjak 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip atlandyrylmagy ähli türkmen halkymyzy belent sepgitlere ýetirmäge ruhlandyrýandygy barada söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda dünýä parahatçylyk taglymatyny dabaralandyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.