AÝALLARYŇ HUKUKLARYNY GORAMAK MESELELERI BOÝUNÇA GEŇEŞ MASLAHATY
Golaýda adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy babatyndaky halkara borçnamalary ýerine ýetirmek boýunça Pudagara toparyň Iş toparynyň wekilleri bilen geňeş maslahaty geçirildi. Duşuşygyň esasy maksady aýallaryň hukuklaryny üpjün etmek we olary zorlukdan goramak ugrunda öňdebaryjy halkara tejribäni öwrenmekden ybarat boldy. Maslahata dürli pudaklaryň wekilleri, şol sanda Medeniýet ministrliginiň wekili hem gatnaşdylar.
Halkara bilermeni Morgan Landel gatnaşyjylara adam hukuklary, aýallaryň hukuklary, şeýle hem zorluk we onuň öňüni alyş usullary barada giňişleýin çykyş etdi. Ol Stambul Konwensiýasynyň (2011 ý.) düzgünlerini we dünýäniň dürli ýurtlaryndaky öňdebaryjy tejribeleri mysal hökmünde hödürledi.
Seminar maslahat işjeň pikir alyşmalar görnüşinde geçirildi. Maslahatda oňa gatnaşyjylar öz garaýyşlaryny beýan etdiler. Şeýle hem jedelli meseleler gozgaldy. Maslahatyň çäginde model kanunynyň bölümleri we maddalary ara alnyp maslahatlaşyldy, ony milli kanunçylyga uýgunlaşdyrmagyň mümkinçiligi seljerildi.
Bu duşuşyk aýallaryň hukuklaryny goramak ugrunda halkara tejribäni öwrenmek we pikir alyşmak üçin möhüm platforma boldy.