HALYPALARYŇ USSATLYK MEKDEBI
Änew şäheriniň Medeniýet öýünde meşhur dutarçylar Amangeldi Gönübegiň, Kel bagşynyň, Mylly Täçmyradowyň ömri we döredijiligine bagyşlanan aýdym-sazly dabara geçirildi. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň Ahal welaýat Medeniýet müdirligi bilen bilelikde geçiren dabarasy ussat halypalara bagyşlanan wideoşekilleriň görkezilmegi bilen başlandy. Oňa il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, halypalaryň nebereleri, medeniýet, sungat işgärleri, çagalar sungat mekdepleriniň mugallymlary we okuwçylary gatnaşdylar.
Türkmenistanyň halk artistleri Ýolaman Nurymow, Amanöwez Saparow, Annaseýit Annamyradow meşhur sazandalaryň döreden sazlary, ýerine ýetirijilik ussatlyklary barada täsirli gürrüň etdiler. «Türkmen nebitgaz» döwlet konserniniň medeni-işewürlik merkeziniň halk saz gurallary ansamblynyň sazandalary, Gökdepe etrabynyň Mylly Täçmyradow adyndaky çagalar sungat mekdebiniň dutarçylar topary, Ahal welaýatynyň birleşen dutarçylar topary halypalaryň döreden «Gökdepe mukamy», «Aýralyk mukamy», «Hatyja», «Teşnit», «Bahar» ýaly sazlaryny täze röwüşde ýerine ýetirdiler. Ahal welaýatynyň birleşen dutarçylar toparynyň sazandarlyk etmeginde Söhbet Balkanow şahyr Meretguly Garryýewiň sözlerine sazanda Soltanmyrat Jygaýewiň döreden «Mylly aganyň sazyny diňläp» diýen aýdymy aýtdy.
Bu ýerde guralan kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher zehininden dörän eserleri, bagşy-sazandalarymyza bagyşlanyp neşir edilen kitaplar görkezildi.

