KITAPHANA SYNY
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölümine we kitaphana täze gelip gowşan edebiýatlardan kitaphana syny geçirildi.
Kitaphana synynda çykyş edenler Ata Nuryýewiň «XVIII-XIX asyrlarda türkmenlerde ýer-suw gatnaşyklary» atly kitaby bilen kitaphanaçylary tanyşdyrdylar. Kitapda XVIII-XIX asyrlarda türkmenleriň häzirki Türkmenistanyň çäklerinde ýerleşişi, olaryň özara gatnaşyklary, ýer-suw eýeçiliginiň görnüşleri we olardan peýdalanmagyň düzgünleri, ýer-suw bilen baglanyşykly salgytlar, borçlar, suwaryş desgalary arhiw hem-de taryhy çeşmeleriň esasynda sebitler boýunça aýratynlykda ylmy nukdaýnazardan seljerilýändigini nygtadylar. XIX asyryň ikinji ýarymynda türkmen ýerleriniň patyşa Russiýasynyň düzümine girmegi bilen bu ýerlerde ýer-suw gatnaşyklaryndaky özgerişlikler beýan edilýär.
Monografiýa ylmy işgärler, ýokary okuw mekdepleriniň talyplarydyr mugallymlary, şeýle hem Watanymyzyň taryhy bilen gyzyklanýan ähli okyjylar üçin niýetlenendigini nygtadylar.
Kitaphana synyna gatnaşyjylar ýurduň, halkyň abraý-mertebesini barha beýgeldýän, il-gününe eşretli durmuşy bagyş edýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.