PARAHATDYR DIÝARYM, EZIZ TÜRKMENISTANYM
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy 2025-nji ýylyň «Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýen şygar bilen atlandyrmagy mynasybetli Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Söwda kooperatiw mekdebinde «Parahatdyr Diýarym, eziz Türkmenistanym» atly göçme kitap sergisini gurnady.
Sergä gatnaşan talyp ýaşlarymyza, kitaphana hünärmenlerimiz halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin belent maksatly beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp, asuda, parahat zamanasynda ýaşamak, bilim almak, işlemek, döretmek her bir ýaş nesil üçin uly bagt, bahasyna ýetip bolmajak baýlykdygyny barada aýratyn nygtadylar. Göçme sergä gatnaşan talyplar uly gyzyklanma bildirdiler. Şeýle-de dünýäniň dürli ýurtlary bilen parahatçylyk, dost-doganlyk we ynsanperwer gatnaşyklary has-da berkitmek ugrunda alnyp barylýan beýik işler barada buýsançly gürrüňler etdiler.
Göçme sergä gatnaşan kitaphana hünärmenleri we talyp ýaşlarynyň ählisi Watanymyzy ähli ugurlar boýunça belent sepgitler ýetirmekde ýaşlara görelde mekdebi bolýan, olara okamaga, işlemäge, döretmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentmiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
