«GÖKDEPE» MILLI MUZEÝIMIZE TALYP ÝAŞLARYŇ GEZELENJI


«GÖKDEPE» MILLI MUZEÝIMIZE TALYP ÝAŞLARYŇ GEZELENJI

«Gökdepe» milli muzeýi bilen Türkmen Döwlet Binagärlik Institutynyň bilelikde gurnamagynda muzeýiň sergi bölümlerine düşündirişli gezelenç geçirildi. Düşündirişli gezelenji muzeýiň esasy hünärmeni Nurnabat Gurbanmämmedowa alyp bardy. Gezelenjiň dowamynda talyp ýaşlar Gökdepe söweşiniň taryhyny üns bilen diňläp, her bir esbaplary synlap bu gün asuda, erkana döwletde okap bilim almaklarynyň esasy özeninde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Bitaraplyk syýasatynyň manysynyň çuňňurlygyna aýdyň göz ýetirdiler.

Çäräniň dowamynda muzeýiň gaznasynda saklanylýan gymmatlyklardan «Bitaraplyk, parahatçylyk syýasaty–merdana nesilleriň kalbynyň synmajak ruhy» atly ýörite wagtlaýyn sergi gurnaldy. Serginiň esasyny mertlik merdanalygyň nusgasy bolan türkmen bedewleriniň at esbaplary düzýär. Mundan başga-da türkmen milli şaý-sepleriniň esasy toplumy sergini bezeýär.

Bu günki çäräniň esasy maksady hem 2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda bu abraýly Institutyň «Raýat goranyş» fakulteti bilen gurnalmagynda hem Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, Bitaraplyk syýasatymyzyň türkmen halkynyň asuda, parahat durmuşda ýaşamagynda tutýan belent ornunyň waspyny dabaralandyrmak bolup durýar.

Şol sebäpli çäräniň dowamynda «Altyn asyr» teleýaýlymynyň «Merdana nesiller» gepleşigine muzeýiň bölüm müdiri Tawus Amanmyradowa hem-de birnäçe talyplar tarapyndan interwýular bilen ýazgy edildi.

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzyň medeniýetine we sungatyna, muzeýler ulgamyna uly üns berýär. Munuň üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyzyň çägi ýok.

Ýurdumyzda muzeý esbaplaryny ylmy taýdan öwrenmek, rejelemek, muzeý toplumlarynyň sanyny artdyrmak işlerine uly mümkinçilikler döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik, il–ýurt bähbitli tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!