TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ BAE-niň WISE-PREZIDENTI, PREMÝER-MINISTRINIŇ ORUNBASARY BILEN DUŞUŞYGY


TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ BAE-niň WISE-PREZIDENTI, PREMÝER-MINISTRINIŇ ORUNBASARY BILEN DUŞUŞYGY

21-nji fewralda paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygy boldy.

Gahryman Arkadagymyz belent mertebeli myhmany myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekledi. Milli Liderimiz we Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan mähirli salamlaşyp, iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler.

Belent mertebeli myhman bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Gahryman Arkadagymyza Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň hem-de ýurduň wise-prezidenti, Premýer-ministri, goranmak ministri, Dubaýyň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktumyň mähirli salamyny, Türkmenistanyň ähli halkyna abadançylyk, rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Şeýle-de ol türkmen-emirlikler gatnaşyklaryny ösdürmekde Milli Liderimiziň ägirt uly goşandyny aýratyn nygtady.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, dostlukly ýurduň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýanyň Türkmenistana ýygy-ýygydan amala aşyrýan saparlarynyň iki ýurduň arasyndaky däp bolan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň örän ýokary derejede alnyp barylýandygyna şaýatlyk edýändigini belledi.

Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, Birleşen Arap Emirlikleri bilen döwletara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar hemişe özara hormat goýmak, birek-birege goldaw bermek däplerine esaslanýar. Ýokary derejede amala aşyrylýan saparlaryň yzygiderli häsiýete eýe bolmagy ony dürli ugurlar boýunça has-da ilerletmek üçin berk binýat bolup durýar. Şeýle hem medeniýet, ylym-bilim, sungat, döredijilik ýaly möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň, özara Medeniýet günlerini, sergileri yzygiderli geçirmegiň wajypdygy bellenildi.

«Türkmenistan» gazeti