«EMELI AŇ ARKALY BILIM BERMEK IŞINIŇ KÄMILLEŞDIRILIŞI» ATLY YLMY-AMALY MASLAHATY
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda «Emeli aň arkaly bilim bermek işiniň kämilleşdirilişi» atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň gurnamagynda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan «Bilim ulgamyna sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagyny dowam etdirmek» çäresini ýerine ýetirmek we döwrüň talaplaryna laýyklykda bilim bermek işini kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistan ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdepleriniň IT ugurly kafedralarynyň müdirleri işjeň gatnaşdylar. Maslahatyň esasy maksady emeli aňyň ösüşini, edýän täsirini we ulanyşynyň etikasyny göz öňünde tutmak bilen, döwrüň talaplaryna laýyklykda ýaş nesillerimize bilim bermek işini kämilleşdirmek boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy.
Şeýle-de maslahatyň çäginde sungat ojagymyzyň ajaýyp eserleriniň sergisi gurnaldy. Sergide häzirki döwrüň uly taslama işleri hem-de sungat eserlerinde döwrebap gurluşyk çyzgylary şekillendirýän eserler görkezildi. Aýratynam sungat ojagymyzyň talyplarynyň 3D Max programmasynda döreden işleri geljekki ýaş nesillerimizi terbiýelemekde ähmiýeti uludyr.
Häzirki ösen tehnologiýalar döwründe her bir ýokary okuw mekdeplerinde sanly bilim ulgamyny kämilleşdirmek işi wajyp hasaplanylýar. Watanymyzyň röwşen ertirleriniň dowamaty bolan ýaş nesili ukyp-başarnyklary, tämiz ruhly, arassa ahlakly, giň dünýägaraýyşly, hemişe halallygy ýaran edinen adamlar edip ýetişdirmek Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň amala aşyrýan beýik işleriniň düýp özenini düzýär.
Häzirki günde ýurdumyzyň bilim, ylym ulgamynda sanly ulgamyň giň gerimliligini ýaýbaňlandyrmakda uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, tutumly işleri rowaç alsyn!
