HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNYŇ WEKILLERI BILEN DUŞUŞYK
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Hytaý Halk Respublikasynyň Şanhaý sungaty eserleriniň ýygyndysy muzeýiniň direktory jenap Hu Musziniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy meselelerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen degişli wekilleri Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyna gezelenç etdiler. Gezelenç wagtynda myhmanlar Döwlet kitaphananyň «Seýrek neşirler» bölüminde bolanlarynda myhmanlary hasda özüne çeken kitabyň biri 1567-nji ýylda çap bolup çykan «Italýanyň taryhy» atly kitap hasda gyzyklandyrdy. Ýenede gyzyklanma bilen syn eden kitaplarynyň biri 1713-nji ýylda çap edilen «Garylyp ýasalan derman» atly tebipçilik usulyny öwredýän kitap boldy. Myhmanlarymyz Döwlet kitaphananyň «Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar» bölüminiň sergisinde duran Hytaý dilinde çap bolup çykan «Magtymguly» kitaby myhmanlary hasda özüne çekdi. Döwlet kitaphana gezelençden soň wekiliýetiň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleri ara alyp maslahatlaşmak duşuşygy bolup geçdi. Duşuşykda Döwlet kitaphanada Hytaý dilindäki kitaplaryň burçyny döretmek, hemde ýakyndan aragatnaşyk saklajakdyklary barada söhbet etdiler.
Duşuşygyň ahyrynda Döwlet kitaphananyň ýolbaşçysy myhmanlara özüniň minnetdarlygyny bildirip olara ýadygärlik sowgadyny gowşurdy. Öz gezeklerinde myhmanlar Döwlet kitaphanamyza «Şanhaý Sungat toplama muzeýi» barada maglumat görkezijisini ýadygärlik berdiler, hem-de «14-nji Halkara göçme sungat» sergisiniň katalogyny şonuň ýalyda «12-nji Halkara (Şanhaý) Maddy däl Medeni miras gorag forumy» katalogyny ýadygärlik sowgat berdiler.
Türkmenistan dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, döwletleriň arasynda dostlukly gatnaşyklary ösdürmek ugrunda birnäçe işleri alyp barýar. Biziň dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň, medeni gatnaşyklarymyzyň ösmeginde dürli ýurtlaryň kitaphanalary bilen Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň gatnaşyklarynyň örän uly ähmiýeti bardyr. Şu gün hem Döwlet kitaphanamyza gelen myhmanlarymyz özleriniň ýürek buýsançlaryny beýan etdiler. Bu bolsa hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan ynsanperwer syýasatynyň, dost-doganlyk hyzmatdaşlygynyň ýokary derejede ösendiginiň aýdyň subutnamasydyr. Dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň gerimini barha giňeldýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolmagyny, alyp barýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler!