REŇKLER DÜNÝÄSINDE–ZENAN WASPY
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ata Watanymyzyň abadançylygy, il-ulsuň bagtyýarlygy hakynda edýän aladalary halkymyzy döredijilikli zähmete, täze-täze eserleri döretmäge ruhlandyrýar. Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň wagtlaýyn sergiler zalynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda 8-nji mart «Halkara zenanlar güni» mynasybetli geçirilen «Hemişelik Bitarap diýaryň bagtly zenanlary» atly sergi bäsleşigi hem munuň aýdyň nyşany bolup şöhlelendi. Daşoguz welaýat medeniýet müdirliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat geňeşiniň hem-de Daşoguz şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň bilelikde guramagynda geçirilen sergi bäsleşigine hödürlenen eserlerde dürli reňkleriň üsti bilen enäniň perzendine bolan mähir-muhabbeti, gözel tebigatymyzyň ajaýyplyklary, bahar paslynyň al-elwan gülleri täsin beýan edilýär. Welaýatymyzdaky çagalar çeperçilik we çagalar sungat mekdepleriniň çeperçilik bölüminiň mugallymlary we okuwçylary zenan gözelligini giňden wasp etmek bilen birlikde şekillendiriş sungatynyň üsti bilen hünär taýýarlyklarynyň derejesini ýokarlandyrmaga mümkinçilik alyp, nakgaşçylyk, halyçylyk, heýkeltaraşlyk, zergärçilik hem-de däneden ýerine ýetiren eserleri bilen öz ukyp başarnyklaryny, zehinlerini görkezmegi başardylar.
Ýatdan çykmajak täsirleri galdyran bu serginiň dowamynda emin agzalary tarapyndan bäsleşigiň ýeňijileri yglan edilip, olara şu sergi bäsleşigini gurnaýjylar tarapyndan Hormat hatlarynyň we ýadygärlik sowgatlarynyň dabaraly ýagdaýda gowşurylmagy bäsleşige gatnaşyjylaryň ylhamyna uly joşgun goşdy.
Sergä gatnaşyjylar ýurdumyzda şekillendiriş sungatynyň has-da ösmegi üçin uly aladalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlaryny aýtdylar.