SURATKEŞ DAWID ARUŞAÝANSYŇ 75 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN ŞAHSY SERGISI
Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde, Suratkeş Dawid Aruşaýansyň 75 ýyllygyna bagyşlanan şahsy sergisi geçirildi.
Sergide, Suratkeş Dawid Aruşaýansyň eserlerinden «Bibi eje», «Buluç gyzy», «Güýz täsinligi», «Narlar», «Perişde», «Şapak», «Ekspressiýa», «Bibijemal», «Oýlanýan ýaşuly», «Dialog», «Narly kompozisiýa», «Zenan», «Düýş», «Bereket», «Keşpler», «Eje», «Gelin», «Dowamat», «Garryllyk», «Güýz aýdymy», «Iner», «Ermeni gyzy», «Nahallar», «Kompozisiýa», «Güýz», «Gadymy Merwiň ýadygärlikleri», «Täze sallançak», «Nurbibi eje», «Haşamly kompozisiýa», «Paýzar daýza» ýaly eserleri bellenmäge mynasypdyr. Watanymyzyň gözel tebigatyny, zenan dünýäsini, nar iýmişini aýratyn zenan wepadarlygynyň we agzybirligiň nyşany hökmünde akymlaryň täsirinde doýgun reňkleriň kömegi bilen döreden ajaýyp sungat eserleri halk köpçüligine ýetirildi. Sergide ussat suratkeşiň 87-den gowrak nakgaş, grafika eserleri gökezilýär. Dawid Aruşaýans XX asyryň ikinji ýarymda has-da ýörgünli bolan akymlary öz eserlerinde ýokary derejede açyp görkezýär.