USSAT HALYPALARY HATYRALAP
Änew şäheriniň medeniýet öýünde meşhur sazandalar Amangeldi Gönübegiň, Kel bagşynyň, Mylly Täçmyradowyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan «Halypalaryň ussatlyk mekdebi» atly aýdym-sazly dabara geçirildi. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hem-de Ahal welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde guramagynda geçirilen dabara ýurdumyzyň tanymal sungat ussatlary, halypalar, şahyrlar, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýaşlar, milli saz sungatynyň köp sanly muşdaklary gatnaşdylar.
Medeni ojagyň giň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan milli saz gurallarynyň, şekillendiriş sungatynyň eserleriniň, milli mirasyň gymmatlyklarynyň we kitaplaryň sergisi dabaranyň täsirliligini has-da artdyrdy. Bagşy-sazandalaryň uly joşgun bilen ýerine ýetiren aýdym-sazlary belentden ýaňlandy. Bu ýerde guralan giň okyjylar köpçüligine niýetlenen baý many-mazmunlu kitap sergi bilen tanyşmak myhmanlar üçin juda ýakymly boldy.
Dabaranyň çäginde gurnalan kitap sergide Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň umumadamzat medeniýetinde özboluşly orun alan aýdym-saz sungatyny, medeni mirasyny, gadymy gymmatlyklaryny öwrenmek, wagyz etmek we dünýä ýaýmak, milli sungatymyzy ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän işler, halypalara goýulýan hormat-sarpa, şunda Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur paýhasyndan dörän «Ile döwlet geler bolsa...», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy», «Medeniýet halkyň kalbydyr» atly kitaplarynyň ähmiýeti barada söhbet açyldy.
Halypalaryň, tanymal döredijilik işgärleriniň türkmen milli saz sungatynyň ussatlary Amangeldi Gönübegiň, Kel bagşynyň, Mylly Täçmyradowyň ussatlyk mekdebi, olaryň ömür we döredijilik ýolunyň terbiýeçilik ähmiýeti, şeýle-de şirin sazlary döredip, milli sungatymyzy ösdürmekde bitiren işleri hakda aýdylanlar ildeşlerimizde uly täsir döretdi. Bellenilişi ýaly, milli aýdym-saz sungatynda öçmejek yz goýan bu ussatlar şirin aýdym-sazlar arkaly parahatçylygy, dostlugy, agzybirligi hem-de jebisligi ündäp, watansöýüji we ynsanperwer nesilleri terbiýelemekde uly hyzmatlary bitiripdirler.