«TEBIGAT-BEREKET HAZYNASY» ATLY MASLAHAT
Türkmenistanyň tebigaty goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölümi, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komiteti, Türkmenabat Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlary we Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi bilen bilelikde 2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda «Tebigat-bereket hazynasy» atly maslahat geçirildi.
Maslahatda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak we daşky gurşawy goramak jemgyýetiň durmuş-ykdysady ösüşiniň möhüm orun eýeleýändigini hem- de ilkinji nobatda ilatyň arasynda gözel tebigata aýawly çemeleşmek, gorap saklap, geljekki nesillerimize miras galdyrmak syýasatyny alyp barýandygyny sözlerinde belläp geçdiler. Milli mirasymyzy döwrebap ösdürmekde we dünýä ýaýmakda beýik işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňe sürýän milli syýasatyndan ugur alyp, myhmanlar türkmen halkynyň medeni mirasyny, gadymy şan-şöhratly taryhyny, sungatyny, gözel tebigatyny gürrüň berýän muzeýiň zallary bilen tanyşdylar.
