BEDEW BIZIŇ-MILLI BUÝSANJYMYZDYR


«TEBIGAT-BEREKET HAZYNASY» ATLY MASLAHAT

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri abatlamak we jiltleýiş bölümi «Miras» teleýaýlymy bilen bilelikde «Bedew biziň-Milli buýsanjymyzdyr» atly tegelek stolyň başynda söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler: Türkmen halkymyzyň milli buýsanjy hem şöhraty hasaplanylýan türkmen bedewiniň ajaýyp gözelligi, onuň ynsanyňky ýaly duýgurlygy barada söhbet etmek bilen Gahryman Arkadagymyzyň türkmen bedewleri hakynda ýazan gymmatly kitaplary barada giňişleýin durup geçdiler.

Öz bilişimiz ýaly, her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesi türkmen bedewiniň baýramy bolmak bilen ol uly dabaralara beslenýär.

Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryna uly sarpa goýup,olary dünýä ýaýmakda nusgalyk işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden buýsançlaryny beýan etdiler.