ÝURDYŇ PARAHATLYGY–JEMGYÝETIŇ SAGLYGY


ÝURDYŇ PARAHATLYGY–JEMGYÝETIŇ SAGLYGY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Berdi Kerbabaýew adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda «Ýurdyň parahatlygy–jemgyýetiň saglygy» ady bilen aýdym-sazly wagyz nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz has-da ösüşlere beslenip, halkara derejesinde belent abraýa eýe bolýandygy, türkmen halkynyň hoşniýetlilik ýörelgeleriniň has-da dabaralanmagyna giň ýol açylýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de ynsanperwerlige, hoşniýetli goňşuçylyga, parahatçylyk söýüjilige, myhmansöýerlige ýugrulan asylly ýörelgeler, häzirki döwürde ýaş nesillerimiziň sagdyn ösmegi, sport bilen meşgullanmagy ugrynda uly tagallalaryň edilýändigi barada bellediler.

Çäräniň dowamynda talyp ýaşlaryň ýerine ýetiren Watanymyzy, baky Bitaraplygymyzy wasp edýän birnäçe goşgudyr aýdymlary ýerine ýetirdiler. Çäräniň ahyrynda türkmen halkyny asuda, parahat durmuşda ýaşadýan, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.