TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNYŇ BAŞ SEKRETARYNYŇ ORUNBASARYNY KABUL ETDI
24-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary hanym Rabab Fatimany kabul etdi.
Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine gönükdirilen oňyn Bitaraplyk syýasatynyň ähmiýetini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny ýetirdi.
Döwlet Baştutanymyz hanym Rabab Fatimany mähirli mübärekläp, BMG-niň Baş sekretaryna iňgowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de myhmanyň saparynyň çäklerinde şu ýylyň awgustynda Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny geçirmek maksady bilen gatnaşjak brifinginiň we duşuşyklaryň üstünlikli geçmegini arzuw etdi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz Rabab Fatimany Birleşen Milletler Guramasynyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady.
Döwlet Baştutanymyz BMG-niň 80 ýyllyk taryhynyň dowamynda öz binýadynda goýlan belent maksatlara hem-de wezipelere gyşarnyksyz eýerýändigini iş ýüzünde subut edendigini aýdyp, guramanyň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, ösüşi üpjün etmäge mundan beýläk-de saldamly goşant goşjakdygyna berk ynam bildirdi.
«Türkmenistan» gazeti