HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ YNSANPERWER ÝOLLARY, AJAÝYP KITAPLARY–DÖWRÜŇ DÜRDÄNELERI
Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Ylmy habar beriş we sowal-jogap bölüminiň «Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ynsanperwer ýollary, ajaýyp kitaplary–döwrüň dürdäneleri» ady bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli ulgamlar bilen bir hatarda kitaphana ulgamynda hem uly ösüşler gazanylýar. Ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesli kitap okamaklary üçin uly işler durmuşa geçirilýär.
Kitap–adamzat nesliniň taryhy çeşmesidir. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz türkmen halkynyň taryhyny, medeniýetini, nusgawy şahyrlaryny, görnükli alymlaryny ylmy maglumatlaryň üsti bilen beýan edýän kitaplary ýazyp öz halkyna sowgat berýär. Şu nukdaý nazardan hem bu mukaddes kitaplar esasynda, ösüp gelýän ýaş neslimizi aň-düşünjesini, ylym-bilim babatda gözýetimini ýokary derejede ösdürmek biz kitaphanaçylaryň esasy wezipesi bolup durýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda adamy täze belentliklere galkyndyrýan, ruhuny belende göterýän, adamzat nesilleriniň uçar ganaty bolan kitabyň gadyry beýik tutulýar.
Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň her bir eserleri ýaş nesillerimizi watançylyk ruhunda terbiýelemekde gymmatly gollanma bolup hyzmat edýär. Şeýle ajaýyp eserleri türkmen halkyna bagyş edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik, döwlet ähmiýetli tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin !