TALYP ÝAŞLARYŇ OKUW TERBIÝEÇILIK SAPAKLARY


TALYP ÝAŞLARYŇ OKUW TERBIÝEÇILIK SAPAKLARY

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Kitaphanaara abonement bölümi, bölüme gelen talyplar ýaşlar bilen okuw tejribelik işini geçirdi.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Kitaphanaara abonement bölüminde, Türkmen Döwlet Medeniýet institutynyň, Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň talyplary okuw tejribelik sapagyny geçýärler. Tejribelik döwründe talyplara bölümde alnyp barylýan işler bilen giňden tanyşdyrylýar. Bölüme okyjylary çekmek, gelýän okyjylardan resminamalary boýunça bölüme ýazmak okyjy depderçesini (formulýaryny) doldurmak we ony elektron görnüşe geçirmek we olaryň isleg bildirýän kitaplaryny kitap hazynasyndan wagtynda getirip bermek, wagtynda tabşyrylmagyny talap etmek şeýlede degişli temalarda sergileri guramak, kataloglardan gerekli bolan maglumaty tapmana ýardam bermek ýaly hyzmatlar bilen tanyşdyrylýar. Kitaphana işini dünýäde wagyz edilmegi babatda taýsyz tagallalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň janlary sag, başlarynyň dik bolmagy, tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.