BELENT MAKSATLAR ROWAÇLANÝAR


BELENT MAKSATLAR ROWAÇLANÝAR

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramow adyndaky kitaphana şahamçasy hem-de Köpetdag etrap häkimligi bilen bilelikde gurnamagynda «Belent maksatlar rowaçlanýar» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiniň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly taryhy wakalara, uly üstünliklere beslenýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň parahatçylygyň we ynanyşmagyň beýik taglymatyny özünde jemleýän «Türkmenistan–parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp şygyrynyň il-halkymyzyň ýürek törüni eýeleýändigi, ýurdumyzda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi hem ajaýyp şygyrdaky nurana pikirleri durmuş ýüzünde äşgär edýändigi barada buýsançly sözlerini beýan etdiler.

Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.