TÜRKMENIŇ SAÝRAK BILBILI
Türkmeniň saýrak bilbili adyny alan Medeniýet Şahberdiýewa nusgawy aýdym-saz sungatymyzy esaslandyryjylaryň biridir. Ol mahmal owazy bilen bu sungatyň taryhynda mäkäm orun aldy. Milli we dünýä halklarynyň aýdymlaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirmegi başaran M.Şahberdiýewa dünýä derejesinde tanalýan meşhur aýdymçylaryň hatarynda giňden bellidir. Ol diňe bir Türkmenistanyň çäginde däl, eýsem, has uzaklardaky ülkelerde hem şirin owazly aýdymçy hökmünde halklaryň gyzgyn söýgüsine mynasyp bolan ussatlaryň biridir.
1930-njy ýylyň 23-nji fewralynda türkmeniň geljekki saýrak bilbili doglupdy. Onuň ýaşlyk ýyllary Lebap welaýatynyň Kerki şäherinde geçdi. Dogabitdi aýdym-saz sungatyna bolan söýgi mekdebi tamamlanyndan soň, ony 1949–1950-nji ýyllarda Aşgabat şäherindäki sazçylyk mekdebine alyp geldi. Soňra Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky D.Öwezow adyndaky Türkmen döwlet yörite sazçylyk mekdebiniň wokal bölümine kabul edildi. 1951-nji ýylda bolsa Moskwanyň P.I.Çaýkowskiý adyndaky döwlet konserwatoriýasyna okuwa girdi. Ol bu ýerde dünýä belli sungat ussatlaryndan tälim aldy. M.Şahberdiýewa ozalky Magtymguly adyndaky opera we balet teatrynda zähmet ýoluny dowam etdirdi. Ol teatrda sahnalaşdyrylan milli we dünýäniň nusgawy kompozitorlarynyň «Şasenem-Garyp», «Leýli-Mejnun», «Saýathan», «Kemine we kazy», «Aýna», «Gowgaly gije», «Sewil dellegi», «Rigoletto», «Lakme», «Trawiata» ýaly operalarynda dürli häsiýetdäki gahrymanlaryň ruhy dünýäsini öz kalbynyň töründen gaýdýan ajaýyp owazy bilen tomaşaçylara ýetirdi. Onuň owazy dürli ýyllarda döredilen «Aşyr aganyň hötjetligi», «Meniň dostum Meleguş», «Japbaklar» filmlerinde ýaňlandy. Sungat äleminde özboluşly ajaýyp ýoluny döreden bu zenan ömrüniň soňky ýyllarynda Türkmen milli konserwatoriýasynda zähmet çekdi. Ol türkmen medeniýetini we sungatyny ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin birnäçe döwlet sylaglaryna mynasyp boldy. Medeniýet Şahberdiýewa türkmen milli opera sungatynyň ösmeginde we kämilleşmeginde, bu sungatyň dünýä derejesinde dabaralanmagynda özüniň seýrek zehini bilen mynasyp goşandyny goşmagy başaran halypalaryň biridir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri türkmen milli opera sungatynyň we bu sungatyň ussatlarynyň sarpalanýan döwrüdir. Golaýda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň hem-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariatynyň bilelikde guramagynda Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň Medeniýet merkezinde Türkmenistanyň halk artisti Medeniýet Şahberdiýewanyň doglan gününiň 95 ýyllygy mynasybetli «Türkmeniň saýrak bilbili» atly aýdym-sazly dabara geçirildi. Aýdym-sazly dabarada ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretary Ç. Rüstemowa, Maddy däl medeni miras müdirliginiň başlygy J.Gurbanowa, Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň aýdym-saz mugallymy M.Kadyrowa, Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň wokal mugallymy L.Resulowa, Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň Deňizhan şäherçesindäki kitaphanasynyň II derejeli kitaphanaçysy S. Seýitmuhemmedow, Kerki etrap Medeniýet bölüminiň hünärmeni G.Penjiýewa dagylar çykyş edip, Medeniýet Şahberdiýewanyň manyly ömür ýoly, milli opera sungatyndaky bitiren hyzmatlary, ýurdumyzda milli opera sungatyna berilýän üns barada täsirli gürrüňler berdiler. Türkmenistanyň halk artistleri Atajan Berdiýewiň, Gözel Öwezowanyň, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Astanberdi Möwlamberdiýewiň, Marynyň Ýolaman Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymy Gözel Annahanowanyň hem-de ýerli aýdymçylaryň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan aýdym-sazlar dabara aýratyn ruhubelentlik çaýdy. Medeniýet merkeziniň foýesinde türkmen milli aýdym-saz sungaty hem-de M. Şahberdiýewanyň ömri-döredijiligi barada söhbet açýan kitaplaryň, fotosuratlaryň we dürli saz gurallarynyň sergisi guraldy.
Dabarada ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretary Ç.Rüstemowa tarapyndan Kerki etrap medeniýet merkezinde Türkmenistanyň halk artisti Medeniýet Şahberdiýewa bagyşlanan muzeýi döretmek barada teklip berildi. Halypanyň nusgalyk ömür we döredijilik ýoly baradaky suratlardyr kitaplar bilen düýbi tutulan bu muzeýe Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan meşhur aýdymçy, saýrak bilbil Medeniýet Şahberdiýewanyň türkmen milli sungatyna bolan çäksiz söýgüsini şöhlelendirýän keşbi çekilen ajaýyp portreti sowgat berildi. Dörediljek bu muzeý türkmen halkynyň aýdym-saz sungatynyň taryhynda hiç wagt unudylmajak aýdymçy, Medeniýet Şahberdiýewa baradaky gymmatly maglumatlary özünde jemleýän iň bir gelim-gidimli mukaddes ýere öwrüler.
Türkmenistanyň halk artisti Medeniýet Şahberdiýewa bagyşlanan bu aýdym-sazly dabara hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda, parahatçylygyň dabaralanýan mekany bolan eziz Diýarymyzda sungat ussatlaryna goýulýan sarpanyň bimöçberdiginiň subutnamasy bolup belentden ýaňlandy.
