TÜRKMEN GÖZELLIGINIŇ ASYL NUSGASY–HALKYŇ MILLI GYMMATLYKLARY
«Gökdepe» milli muzeýi, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň talyp gyzlarynyň arasynda geçiriljek «Talyp gözeli-2025» bäsleşiginiň çäginde muzeýiň gaznahanalarynda saklanylýan esbaplardan «Türkmen gözelliginiň asyl nusgasy–halkyň milli gymmatlyklary» atly wagtlaýyn sergi gurnady. Serginiň esasy maksady ýaş nesillerimize türkmen halkynyň gadymy gymmatlyklarynda jemlenýän gözelligiň sazlaşygyny ýüze çykarmakdan hem-de olaryň Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalarynyň netijesinde asuda, parahat, erkin döwletimizde halkymyzyň milli däp-dessurlarynyň şu günümizden ertire şöhle saçýanlygyny dabaralandyrmak bolup durýar. Sergide türkmen gelin-gyzlarynyň on barmagynyň hünärinden dörän milli egin-eşikleriniň giň toplumy, haly önümleri hem-de türkmen milli şaý-sepleriniň dürli görnüşleri sergilenen.
Sergini synlan her bir talyp ýaşlary, bäsleşige gelen myhmanlar türkmen halkynyň milli gymmatlyklarynyň asyl nusgalarynyň elýetmezdigine halkyň taryhynyň baýdygyna has hem aýdyň göz ýetirdiler.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzyň medeniýetine we sungatyna, muzeýler ulgamyna uly üns berýär. Munuň üçin hormatly Prezidentimize, türkmen halkynyň Milli Liderine alkyşlarymyzyň çägi ýok.
Ýurdumyzda muzeý esbaplaryny ylmy taýdan öwrenmek, rejelemek, muzeý toplumlarynyň sanyny artdyrmak işlerine uly mümkinçilikler döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik, il–ýurt bähbitli tutumly işleri hemişe rowaç bolsun.

