HOŞALLYK DUŞUŞYGY


HOŞALLYK DUŞUŞYGY

«Gökdepe» milli muzeýiniň guramagynda şeýle ajaýyp arzuw niýetler bilen «Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak ýyly» mynasybetli Ahal welaýatynyň Tejen etrap medeniýet bölüminiň taryhy-ülkäni öwreniş muzeýinde hoşallyk duşuşygy geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýylyň-ýylyna bir şygar bilen atlandyrmak däbe öwrüldi. Bu ýyl hem Türkmenistanyň B.M.G-nyň Türkmenistan döwletimiziň «Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi bilen şu ajaýyp ýylymyza gadam basdyk. Halkara diýmeklik dost-doganlyk diýmek, Halkara diýmeklik ynsan gatnaşygyny has-da pugtalandyrýar. Bu günki-gün ajaýyp Türkmenistan döwletimizi asuda, agzybir ýurt diýip dünýä döwletleriniň arasynda giňden tanalýan döwletdir. «Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak ýyly» diýip atlandyrlan ýylymyzda muzeýde we ýerlerde sergilenýän sergiler, geçmişi baý taryhymyzy we şu günümizi açyp görkezmelidiris.

Muzeý gymmatlyklarymyzyň üsti bilen türkmen halkynyň Oguzhandan gaýdýan milli mirasyna, medeniýetine, taryhyna, ene topragymyza, gözel tebigatymyza, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyş döwründe, Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan döwletimize çäksiz söýgi döretmek maksady bilen täze öwüşginde gurnaýarys. «Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak ýyly» ýylymyzda ýurdymyzyň medeniýetini we sungatyny ösdürmekde we ýurdumyzyň ýaş nesillerine baý taryhymyzy üýtgewsiz wagyz etmekde ähli mümkinçilikler döredilýär. Şol sanda hem ýurdumyzyň taryhy wakalaryny bu günki-gün öwrenmäge uly mümkinçiliklerimiz kän. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda taryhy we ülkäni öwreniş muzeýleri, şeýle hem kitaphanalary açylyp ulanylmaga berildi. Şol sanda hem ýurdumyzda birnäçe ýaş nesillerimiziň muzeýlerimize gatnap ýurdumyzyň geçmişini, baý taryhyny öwrenmäge giň mümkinçilikler bar. Bu zatlaryň sakasynda Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz bar. Halkymyzyň taryhyny we medeni mirasyny öwrenmekde, türkmen halkynyň milli medeni mirasyna degişli gymmatlyklary ýüze çykarmakda, toplamakda, olary ylmy esasda öwrenmekde we gorap saklamakda, şeýle hem ilata wagyz etmek boýunça maksatlaýyn işleri alynyp barylýar.

Hakykatdanam hem Türkmeniň taryhyny bilseň hasam gyzykly, içine girip öwrendigiň saýy öwrenesiň gelýär. Elbetde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen öz milliliklerine, taryhyna sarpa goýup Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň peder ýoluny mynasyp dowam etdirip, biziň häzirki günlerimize çenli öz milliligini, edim-gylymyny ýitirmän, ýaş nesillerimize ýetirip gelýäris. «Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» ýylymyzyň ilkinji aýlarynda atçylyk sungaty has ýola goýulýar. Elbetde türkmen öz atyna ullakan hormat-sarpa goýupdyr. Her bir türkmen ojagynda behişdi türkmen bedewi kişňäp durupdyr. Gözbaşyny gadymyýetiň jümmüşinden alyp gaýtýan ýelde ýüwrik bedew atlarymyz mynasybetli biziň taryhy-ülkäni öwreniş muzeýinde hem «Bedew atym–ganaty» atly sergi gurnalýar. «Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda bolsa ýurdumyzyň taryhyny, geçmişini, gelejegini öwrenýän ähli işler barada türkmen ýaş nesilleri bilen bilelikde, medeniýet we sungat, şeýle hem muzeý işgärleri bilen bilelikde öz zähmetimizi gaýgyrman zähmet çekjekdigimize Sizi ynandyrýarys şu zatlaryň sakasynda duran, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, belent başlary aman bolsun il bähbitli, ýurt ähmiýetli tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.