MILLI WE MEDENI GYMMATLYKLARYMYZYŇ ÖWRENILMEGI


MILLI WE MEDENI GYMMATLYKLARYMYZYŇ ÖWRENILMEGI

Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň Baýramaly şäherindäki şahamçasy sebitimiziň baý medeni mirasyny gorap saklamak we sergilemek maksady bilen, öz ýygyndysyny giňeltmek boýunça işjeň işleýär. Şu çäkde muzeý Mary welaýatynyň taryhy we etnografik dürlüligini şöhlelendirýän täze eksponatlary ýygnamak üçin yzygiderli ekspedisiýalary geçirýär.

Ýakynda muzeý işgärleri Mary welaýatynyň Baýramaly şäheriniň töwereginde meýdan barlaglarynyň tapgyryny gurnadylar we dürli taryhy döwürlere degişli täsin tapyndylar ýüze çykaryldy. Tapylan zatlaryň arasynda häzirki Türkmenistanyň çäginde gadymy döwürde ýaşan ilatyň durmuşyny we medeniýetini açyp görkezýän keramiki önümler, gurallar, hojalyk esbaplary bar.

Türkmen halkynyň däp-dessurlaryny we adatlaryny şöhlelendirýän etnografik materiallary ýygnamaga aýratyn üns berilýär. Ýerli ilat bilen hyzmatdaşlygyň netijesinde milli egin-eşikler, nagyşly önümler we gurallar ýaly birnäçe eksponatlary topladylar.

Ýygnalan eksponatlar muzeýiň gaznalarynda ünsli ylmy işlenip taýýarlanylýar we dikeldilýär, soňra bolsa köpçülige hödürlenýär. Täzelenen sergi myhmanlara sebitimiziň taryhy ösüşini has çuňňur düşünmäge we nesilden-nesle geçirilýän medeni miras bilen tanyşmaga mümkinçilik berer.

Halkymyzyň medeni gymmatlyklaryny gorap saklamakda hem-de olary dünýä ýaýmakda ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!