ARKADAGYŇ ESERLERI ÝAŞLARA GÖRELDE


ARKADAGYŇ ESERLERI ÝAŞLARA GÖRELDE

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölümi «Arkadagyň eserleri ýaşlara görelde» atly kitap sergisi gurnaldy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi bilen Parahatçylygyň bagtyýarlygyň mekany hökmünde at-owazasy äleme dolan ýurdumyzda her ýyly özboluşly, halkymyzyň milli aýratynlygyna, ruhy dünýäsine laýyk, döwrebap şygyr bilen atlandyrmak indi asylly däbe öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda bu günki günde ösüp gelýän ýaş nesillere edebi mirasymyzy öwrenmäge ähli şertler döredilýär. Şol mynasybetli «Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Medeni miras fakultetiniň Medeniýeti öwreniş hünäriniň» talyplarynyň gatnaşmagynda şu gün Döwlet kitaphananyň Seýrek neşirler bölümine tejribe işini geçýän döwründe hemişelik we Arkadagyň eserlerinden sergi gurnaldy. Kitap sergisi talyplarda uly täsir galdyrdy.

Türkmen halky öz taryhy ösüşiniň bütin dowamynda ruhy gymmatlyklaryna hemişe uly gadyr goýup, ona aýratyn ähmiýet berip gelipdir. Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döredip beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.