TALYPLARYŇ ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI


TALYPLARYŇ ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI

Şu günler Döwlet kitaphanasynda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň «Medeni miras» fakultetiniň «Medeniýeti öwreniş» hünäriniň talyplary hünär önümçilik tejribeligi geçýärler. Talyplaryň umumy sapaklarynda öwrenenlerini amallaşdyrmak maksady bilen Sungat bölüminiň işgärleri sergileriň guralyşyny, edebiýatlara bibliografik ýazgylaryň dogry we dürs bolmagyny, öwredýärler, we talyplar bölümiň gaznasyndaky taryhy-medeni gymmatlyklarmyzy beýan etýän kitaplary okap öz bilimlerini baýlaşdyrýarlar.

Özüniň milli medeni, edebi we taryhy gymmatlyklary bilen umumadamzat medeniýetiniň ösmegine saldamly goşant goşan türkmen halkynyň geçmiş taryhyny dikeltmek we dünýä ýaýmak Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Ata-babalarymyzdan miras galan taryhy-medeni gymmatlyklarymyzy goramak, olary ylmy esasda öwrenmek we rejeläp, nesiller üçin asyl durkunda saklamak döwlet ähmiýetli işleriň hatarynda durýar. Köne Nusaý, gadymy Könürgenç, Gadymy Merw ýadygärlikler toplumlarynyň özboluşly, gaýtalanmajak medeni merkezler hökmünde dünýä derejesinde ykrar edilip, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi buýsançly başymyzy göge ýetirýär. Halkymyzyň şöhratly geçmişiniň şaýady bolan şeýle ýadygärlikler ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde-de uly ähmiýete eýedir.

Medeni mirasymyzy gorap saklamakda, ony dünýä ýüzüne ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin.