MEN BU GÜN SÄHER OÝANYP, ÇYKDYM LÄLEZARLYGA
Balkan welaýat çagalar kitaphanasynyň gurnamagynda Balkanabat şäheriniň 5-nji orta mekdebinde Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gurbannazar Ezizowyň doglan gününiň 85 ýyllygyna bagyşlanyp «Men bu gün säher oýanyp, çykdym lälezarlyga» atly edebi çäre geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen edebiýatynda öçmejek yz goýan, özboluşly şahyrana döredijiligi bilen tapawutlanan şahyrlarymyzyň biri Gurbannazar Ezizowyň mertebesi-sarpasy barha belende galýar. Gurbannazar Ezizowyň döredijiligi türkmen edebiýatynda aýratyn orun tutýar. Onuň goşgulary türkmen aýdym-saz sungatynyň altyn hazynasyna girip, halkyň kalbynda orun aldy. Çärede kitaphana işgärleri şahyryň ömri-döredijiligi barada çykyş edip, şahyryň goşgulary labyzly okadylar.
Ýaş nesliň bagtyýar hem-de abadan durmuşda ýaşamagy üçin giň gerimli işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlar dillerimiziň hemişe senasydyr.