GÖZELLIK BÄSLEŞIGINIŇ ÇÄKLERINDE SERGI


GÖZELLIK BÄSLEŞIGINIŇ ÇÄKLERINDE SERGI

Ýylyň-ýylyna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda Halkara zenanlar güni mynasybetli Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň talyp gyzlarynyň iş başarjaňlygyny, ugurtapyjylygyny, ruhubelentligini, buýsançlylygyny, keşp hem-de edep gözelligini, halkymyzyň milli däp-dessurlaryny bilişini, durmuşa taýýarlygyny, medeniýetini, edep-ekramlylygyny açyp görkezmek maksady bilen, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda «Talyp gözeli» atly gözellik bäsleşigi yglan edilýär.

Häzirki wagtda «Talyp gözeli-2025» atly gözellik bäsleşiginiň institut tapgyry geçirilýär. Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda geçirilen bäsleşigiň çäklerinde Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýi göçme sergi gurady. Sergide Türkmenistanyň ussat suratkeşleriň sungat eserleri sergilendi.