«HALYPALARYŇ USSATLYK MEKDEBI» GEPLEŞIGI


«HALYPALARYŇ USSATLYK MEKDEBI» GEPLEŞIGI

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda täze döredilmegi meýilleşdirilýän telegepleşik «Halypalaryň ussatlyk mekdebi» diýlip atlandyrylmagy hem-de onda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde hereket edýän bölümleri barada aýratyn aýdylyp, her bir bölüm barada umumy düşünje berildi.

Bu telegepleşigiň ilkinji sanynda esasan biziň muzeýimiziň üçünji bölümi bolan «Türkmen şekillendiriş sungatynyň ilkinji ussatlary» atly bölüm barada, ýurdumyzda dörän ilkinji Gündogaryň zarpçy sungat mekdebi we onuň wekilleri bolan Beglýarowyň döreden eserleri barada aýratyn durlup geçildi. Şeýle hem türkmen şekillendiriş sungatynyň ilkinji ussady, ilkinji türkmen suratkeşi Bäşim Nuraly barada doly maglumat berilýär. Gepleşikde ilkinji ussatlar I.Çerinko, Ýe.Adamowa, I.Poýda we M.Daneşwar ýaly suratkeşleriň ömri we döredijili, 40-njy ýyllarda ussatlaryň beýan eden eserleriniň gurluş we tematiki aýratynlygy barada telegepleşikde gürrüň berilýär. Telegepleşigi muzeýiň bölüm müdiri S.Sähetgylyjow alyp bardy, muzeýiň baş gaznalary goraýjysy M.Atdaýewa hem-de ylmy işgäri G.Guljaýewa dagylar çykyş etdiler.