TÜRKMEN DÖWLET MALIÝE INSTITUTYNYŇ TALYPLARY GEZELENÇDE
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlary ylym bilen meşgullanmaga, zehinli alymlaryň täze neslini höweslendirmäge we goldamaga, dünýäniň ylmy jemgyýetçiligi bilen netijeli hyzmatdaşlygy berkitmäge, milli mirasymyzy giňden öwrenmäge uly üns berilýär. Şeýle mümkinçiliklerden peýdalanýan Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyplary Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýine gezelenç edip, muzeý gymmatlyklary bilen tanyşdylar. Gezelenjiň çäklerinde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» mynasybetli «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirildi.
Talyp ýaşlary muzeý gymmatlyklary bilen tanyşdyrmagyň esasynda ýaşlarda däp-dessurymyza, milli mirasymyza söýgini döretmek, şeýle hem olary geljekki nesillere ýetirmek maksady bilen geçirilen söhbetdeşlige gatnaşanlar milli mirasymyzy içgin öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip alkyş sözlerini aýtdylar.
