KINO-JADYLY SUNGAT
Kino sungaty şu günki günde adamzadyň gazanan iň uly gymmatlyklarynyň biridir. Ol iň ýaş sungatlaryň biri bolup, beýleki beýik sungatlaryň birleşmeginden gelip çykan medeni baýlykdyr. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitaby esasynda «Oguzhan» adyndaky Türkmenfilm birleşiginiň režissýory Myrat Orazowyň başda durmagynda «Hakyda göwheri» atly filmiň käbir bölekleri surata düşürildi.
Ýurdumyzda kino sungatynyň ösmegi üçin taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Tutýan tutumly işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!