HALYPA-ŞÄGIRTLIK ÝOLY DOWAMAT DOWAM!


HALYPA-ŞÄGIRTLIK ÝOLY DOWAMAT DOWAM!

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň gazet-žurnallaryň redaksiýalary bilen bilelikde guramagynda, Aşgabat şäherindäki Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekanynda «Halypa-şägirtlik ýoly dowamat dowam!» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. <

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň dabaraly bellenilýän ýylynda geçirilen bu çärede, Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Döwrangeldi Agalyýew, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň baş hünärmeni Ogulgurban Gaşlakowa, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby, ýaş şahyr Nursoltan Derýaýewa, «Güneş» žurnalynyň edebi işgäri Maksat Hudaýberdiýew dagy çykyş etdiler. Bagtyýar durmuşyň sakasynda duran parahatçylyga, eziz Watanymyza, ajaýyp döwrümiziň beýik ösüşlerine bagyşlap döreden goşgularyny okadylar. Halypalar ýaşlara döredijilikleriniň has-da kämilleşmegi üçin maslahatlaryny hem-de nesihatlaryny berdiler. Ýaşlar bolsa öz gezeginde, halypalaryň maslahatlarynyň döredijilikleriniň kämilleşmegine uly ýardam berýändigini çykyşlarynda buýsanç bilen bellediler.

Häzirki döwürde bagtyýar halkymyz akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň arzuwlan ajap eýýamynyň eşretli hözürini görüp ýaşaýar. Döredijilik duşuşygyndaky çykyşlarda, arzyly Bitaraplygymyza goýulýan sarpanyň çäksizdigi hem aýdyň beýanyny tapdy.

Halypa-şägirtlik duşuşygynda çykyş edenler, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylan ýylymyzda, beýik işler arkaly Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ähli ugurlardaky döwrebap ösüşlerini has-da belende götermek ugrundaky giň gerimli işleri üçin, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyşlaryny aýtdylar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, döwletli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.



Ogulgurban GAŞLAKOWA



Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň baş hünärmeni