ELEKTRON KITAPLARDAN PEÝDALANYJYLARYŇ SANY KÖPELÝÄR
Ahal welaýat kitaphanasynyň okyjylar otagynda oturdylan Bitewi elektron kitaphana ulgamyndan peýdalanyjylaryň sany gün-günden köpelýär. Bu bolsa Garaşsyz ýurdumyzyň kitaphana ulgamynda täze bir döwre gadam basyldygydyr, Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe okyjylara kitaphana hyzmatyny etmekde gazanylýan ösüşler we durmuşa ornaşdyrylýan özgertmeler giň ýol aldy. Tehnologiýanyň ösmegi bilen elektron kitaplardan, elektron kitaphana ulgamyndan peýdalanýanlaryň sany köpelýär. Elektron kitap kitabyň elektron görnüşindäki sanly tilsimatlar arkaly taýýarlanan görnüşidir. Elektron kitaphana bolsa dürli möçberdäki elektron kitaplaryň saklanýan ulgamyny göz öňünde tutýar. Ýurdumyzyň kitaphanalarynda elektron kitaplar toplumy döredilip, ol kitaplar baradaky maglumatlar hem sanly ulgam arkaly beýan edilýär. Bularyň ählisi okyjylara üznüksiz ýagdaýda kitap gaznadan peýdalanmaklary üçin giň mümkinçilikleri döredýär.