YLMY-USULY MASLAHAT
Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Sazyň nazaryýeti» kafedrasy ýurdumyzyň ýörite sazçylyk, sungat mekdepleriniň mugallymlary bilen «Orta hünär saz bilimi ulgamyndaky saz-nazaryýet derslerini okatmak boýunça wajyp meseleler» atly onlaýn ylmy-usuly maslahaty geçirildi. Bu maslahat «Ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda bilim boýunça özara hyzmatdaşlygy üpjün etmek hakynda» Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň 2022-nji ýylyň 7-nji martyndaky 77 belgili buýrugyny ýerine ýetirmek maksady bilen 2024-2025-nji okuw ýylynda ýurdumyzyň ýörite sazçylyk, sungat mekdepleriniň okuw-usuly işlerine ýardam bermek we bilelikde ýerine ýetirilmeli işleriň iş meýilnamasynyň esasynda alnyp baryldy.
Bu maslahata Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet Ýörite sazçylyk mekdebiniň, Mary welaýatynyň Ýolaman Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň, Arkadag şäheriniň Sahy Jepbarow adyndaky Ýörite sazçylyk mekdebiniň, Ahal welaýat Ýörite sazçylyk mekdebiniň, Lebap welaýat Ýörite sazçylyk mekdebiniň, Daşoguz welaýatynyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdepleriniň professor mugallymlary we ýaş hünärmenleri gatnaşdy.
Onlaýn maslahatynda saz-nazaryýet derslerinde okuw proseslerini gurnamak, sapaklaryň hilini ýokarlandyrmak, dersler boýunça okuw maksatnamalarynyň, okuw kitaplarynyň we gollanmalaryň ýerine ýetirilişi hakynda meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy. Ýaş hünärmenleriň köptaraplaýyn ösmegi üçin zerur bolan şertleriň döredilmegi hakynda aýdylyp geçildi we okuw prosesinde zerur bolan ylmy gollanmadyr, kitaplaryň ähli sazçylyk, sungat mekdeplerinde ýeterlik derejede elýeterdigi barada we gerek bolan okuw maksatnamalarynyň sanawy aýdyldy we üpjün edilmegi hakynda maslahatlaşyldy.