DÖREDIJILIKLI MENZILLER


DÖREDIJILIKLI MENZILLER

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölümi tarapyndan Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdebinde «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly göçme-gözden geçiriş kitap sergisini gurady we «Döredijilikli menziller» atly söhbetdeşlik geçirildi.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölümi Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdebinde «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly göçme-gözden geçiriş kitap sergisini gurady we «Döredijilikli menziller» atly söhbetdeşlik geçirdi.

Bu göçme sergide we söhbetdeşlikde kitaphanaçylar Gülnabat Bäşimowa we Gülşat Şamuhammedowa dagylar çykyş etdiler.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe adamy täze belentliklere galkyndyrýan, ruhuny belent edýän, adamzat nesilleriniň uçar ganaty bolan kitabyň gadyry beýik tutulýar.

Bu sergide türkmeniň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň eserleri şeýle-de Döwlet kitaphanasynyň baý kitap hazynasynda bar bolan sungat ussatlaryna bagyşlanyp ýazylan gollanmalar, nota neşirleri hem-de kitaplar goýuldy.

Türkmeniň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň ýolbaşçylygynda türkmen medeniýetine we sungatyna mynasyp goşant goşýan zehinli ýaşlarmyz diýseň köp. Olar milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň düýpsiz ummanyna aralaşýarlar, erjellik bilen aýdym-saz sungatynyň inçe tilsimlerini öwrenýärler. «Döredijilikli menziller» atly söhbetdeşlikde aýdym-saz sungatynyň milletiň ruhy gymmatlyklarynyň biri bolup, asyrlar boýy halka hyzmat edip gelýändigi, toý baýramlaryň bezegidigi, türkmeniň geçmişi, şu güni we ertiri sungat bilen aýrylmaz baglanşyklydygy hakynda gürrüň edildi. Mekdebiň okuwçylary söhbetdeşlige işjeň gatnaşyp, onuň ahyrynda türkmen medeniýetine we sungatyna goýýan sarpalary üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny aýtdylar.