KITAP–GEÇMIŞIŇ, ŞU GÜNÜŇ WE GELJEGIŇDIR
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Ylmy habar beriş we sowal-jogap bölüminiň 28-nji «Ruhnama» orta mekdebi–bilen bilelikde göçme sergilerini we wagyz-nesihat çärelerini Döwlet maksatnamasy laýyklykda geçirmekligi meýilleşdirildi. «Kitap–geçmişiň, şu günüň we geljegiňdir» ady bilen göçme kitap sergini guramak işi geçirildi. Ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesillerimizi kitaba çekmekde, olarda kitaba bolan söýgini döretmekde uly işler alnyp barylýar. Ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän eserleri nusgalyk mekdebi bolup durýar.
«Kitap adam kalbynyň aýnasydyr...» ady bilen orta okuw mekdeplerinde wagyz-nesihat çäreleri geçirildi. Ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesillerimizi kitaba çekmekde, olarda kitaba bolan söýgini döretmekde uly wagyz-nesihat işleri geçirilýär, ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde uly işler alnyp barylýar. Wagyz-nesihat çäresine gatnaşanlar, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.