PARAHATÇYLYK DÖREDIJI ÝÖRELGELER


PARAHATÇYLYK DÖREDIJI ÝÖRELGELER

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda «Parahatçylyk dörediji ýörelgeler» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda mähriban halkymyz «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen beýik taglymaty baýdak edinip, ösüşleriň röwşen ýoly bilen öňe barýanlygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de parahatçylyk we ynanyşmak adamzadyň abadan geljegini üpjün etmekde biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly iň gymmatly düşünjeler bolup, ol häzirki wagtda döwletleriň we halklaryň arasynda hyzmatdaşlygyň hem-de ösüşiň baş ýörelgesine öwrülendigi barada beýan etdiler.

Çäräniň ahyrynda dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmak, durnukly ösüşleri gazanmak babatda beýik işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.