HALYPA HORMAT–SUNGATYNA SARPA


HALYPA HORMAT–SUNGATYNA SARPA

Ýaňy ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Ýörite sazçylyk mekdebinde, Türkmenistanyň halk artisti kompozitor Mämmetsapar Toýlyýew bilen döredijilik duşuşygy geçirildi. <

Dabaranyň açylyşyny häzirki zaman kompozitory Mämmetsapar Toýlyýewiň ýaňy ýakynlarda ýazan 1-nji simfoniýasynyň I bölümi ýaňlandy. Simfoniýany ýörite sazçylyk mekdebiniň dirižýory Perman Miriýew we kamera orkestr topary tarapyndan ýerine ýetirildi.

Soňra kompozitoryň romanslary, birnäçe aýdymlary ýaňlandy. Olardan: Italmaz Nuryýewiň «Aýyrma sen», Gurbanyýaz Daşgynowyň «Köýen söýgim», Annaguly Atabaýewyň «Durnam gelipdir», «Näzlim», Almagül Jumanyýazowyň «Aşyk ýigidiň oýlanmasy», Magtymguly Pyragynyň «Bu gün» we Halyl Kulyýewiň «Bahar buşlukçysy» diýen birnäçe şahyrlaryň goşgylaryna ýazylan eserleri bardy. Aýdymlary «Altyn asyr» bäsleşiginiň ýeňijisi we ýörite sazçylyk mekdebiniň «Aýdym aýtmak» bölüminiň mugallymy Begdurdy Çerkezow we Mergen Ataýew ýerine ýetirdi.

Ondan başga-da «Lapykeçlik» fortepiano üçin, «Ýatlama» we «Gadymy gyr» skripka we fortepiano üçin pýesalary ýerine ýetirildi.

Konserda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyp ýaşlary we ýerine ýetiriji bolup birnäçe mugallymlary işjeň gatnaşdy. Olaryň arasynda «Altyn asyr» bäsleşiginiň ýeňijisi Begenç Moşşyýew, Aýlar Saparmyradowa, umumy fortepiano kafedrasynyň mugallymy Welimuhammet Toýlyýew we V ýyl talyp Nurmuhammet Toýlyýew.



Humaý AMANOWA



Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Sazşynaslyk» hünäriniň 4-nji ýyl talyby