ÝAZYŇ WE GÜÝZÜŇ ŞAHYRY
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gurbannazar Ezizowyň doglan güniniň 85 ýyllygyna bagyşlanaň «Ýazyň we güýzüň şahyry» ady bilen edebiýat agşamy geçirildi.
Çykyş edenler Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gurbannazar Ezizowyň ajaýyp eserleri, diliniň çeperligi hem-de şahyryň çuňňur filosofiýasy hakynda gürrüň etdiler. Gurbannazar Ezizow öz ýaşan gysga ömründe ýatdan çykmajak, baky ýaşajak şygyrlar döredip giden şahyrdyr.
Edebiýat agşamynda çykyş edenler bular hakynda gürrüň etmek bilen türkmen halkymyzyň şahyr ogly Gurbannazar Ezizowyň ýaşan gysga ömründe döredip giden ölmez-ýitmez goşgularynyň terbiýeçilik ähmiýeti we dilliniň çeperçiligi hakynda belläp geçdiler.
Dabaranyň ahyrynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan beýik işlerinde üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.