PARAHATDYR DIÝARYM, EZIZ TÜRKMENISTANYM
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Aşgabat energetika orta hünär okuw mekdebinde «Parahatdyr Diýarym, eziz Türkmenistanym» ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy we wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
«Parahatdyr Diýarym, eziz Türkmenistanym» ady bilen gurnalan göçme kitap sergisinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasyndan dörän ajaýyp eserleri, Beýik akyldar şahyrymyz, dünýä şygryýetiniň göwheri Magtymguly Pyragynyň dünýä dillerinde neşir edilen kitaplary, şeýle-de ýurdumyzyň tanymal ýazyjy-şahyrlarynyň dürli temalardaky, Watanmyzy wasp edýän çeper edebiýatlary ýerleşdirilip bu kitap sergisini has hem baýlaşdyrmakda öz beýanyny tapýandygy barada gürrüň berdiler. Gurnalan göçme kitap sergisi gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.
Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.