DÖREDIJILIK DUŞUŞYGY


DÖREDIJILIK DUŞUŞYGY

Dünýä medeniýetinde, taryhynda öçmejek yz galdyran türkmen halky, adamzat äleminde özüniň kämil derejede kemala getiren ençeme gymmatlyklaryny sowgat berdi. Bu gymmatlyklary geljekki ýaş nesillere ýetirmek maksady bilen Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebiniň direktory Ö.Ýagmyrow hem-de şol mekdebiň okuwçylary, Türkmenistanyň halk artisti Läle Begnazarowa, «Ýaşlyk» teleýaýlymynyň alypbaryjysynyň gatnaşmagynda 8-nji mart Halkara zenanlar güni mynasybetli döredijilik duşuşygy geçirildi. Duşuşyga gatnaşan myhmanlar döredilip berilýän giň mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny aýtdylar.