TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNY BÜTINDÜNÝÄ BANKYNYŇ WE HALKARA MALIÝE KORPORASIÝASYNYŇ WEKILLERI BILEN DUŞUŞYGY
28-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Bütindünýä bankynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça wise-prezidenti hanym Antonella Bassani, banky Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin direktory hanym Tatýana Proskurýakowa, Halkara maliýe korporasiýasynyň Merkezi Aziýa we Türkiýe boýunça sebitleýin direktory hanym Wibke Şlýomer bilen duşuşdy.
Myhmanlar duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, ykdysady özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistanyň ýeten belent sepgitlerini aýratyn bellediler. Hanym Antonella Bassani pursatdan peýdalanyp, Bütindünýä bankynyň ýolbaşçysynyň Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny ýetirdi. Şeýlede halkara maliýe guramalarynyň wekilleri Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatyna ýokary baha berip, ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk derejesiniň dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmakdaky möhüm ornuny, Milli Liderimiziň bu ugurda öňe sürýän halkara başlangyçlarynyň ähmiýetini nygtadylar hem-de hormatly Arkadagymyzy, ähli türkmen halkyny Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutladylar.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy iri halkara maliýe düzümleriniň wekillerini myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de Bütindünýä bankynyň ýolbaşçysyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri myhmanlaryň saparynyň çäklerinde geçiriljek duşuşyklaryň Türkmenistan bilen Bütin dünýä bankynyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary barada pikir alyşmaga ýardam berjekdigine ynam bildirip, gepleşikleriň üstünlikli geçmegini arzuw etdi.
«Türkmenistan» gazeti