INTERNET ULGAMY MUZEÝ IŞINDE
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň belent başlangyçlaryny dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» döwründe muzeýleriň milli medeniýeti, sungaty, taryhy, halk senetleri wagyz etmekdäki ähmiýeti ýokarlanyp, olar öz ösüşiniň sanly tapgyryna gadam basdylar. Dünýäniň dürli künjeklerinde ýaşaýan halklar üçin şeýle-de öz ildeşlerimiz üçin ýurdumyzyň muzeýlerindäki milli gymmatlyklara gaýybana syýahat etmäge özboluşly we amatly mümkinçilikleri bolan, muzeýleri wertual görnüşe geçirmeklik işi uly depginde durmuşymyza ornaşýar. Bu babatda şu ýylyň 26-njy fewralynda Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiň mejlisler zalynda «Internet ulgamynyň muzeý işinde ähmiýeti» atly welaýatyň muzeý işgärleriniň hem-de talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda ylmy maslahat geçirildi. Maslahatyň adyndan belli bolşy ýaly muzeýiň hünärmenleri internet ulgamynda hereket edýän Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň şeýle-de ýurdumyzyň beýleki muzeýleriniň web sahypasynda ýerleşdirilen wertual muzeýleri, olaryň jemgyýetimize bolan ähmiýeti we orny barada gyzykly çykyşlary etdiler. Häzirki wagtda internet tejribeleriniň üsti bilen dünýä muzeýlerine gaýybana syýahat etmegiň mümkinçilikleri, olarda bar bolan gerekli maglumatly alyp öwrenmäge we şol sanda muzeý işinde dünýä jahankeşdelerini muzeýlere syýahata çekmegiň peýdasynyň ýokarylygyny aýratyn bellemek gerekdir.
Biz muzeý işgärlerine şunuň ýaly ajaýyp binalarda işläp türkmeniň bäş müňýyllyk şöhratly taryhyny, gözel tebigatyny milli mirasyny bütin dünýä wagyz etmäge döredip beren ähli mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys. Goý olaryň janlarynyň sag, başlarynyň dik bolmagyny, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleriniň elmydama üstünliklere beslenmegini arzuw edýäris.