ÝYLYŇ ŞYGARY MYNASYBETLI GEÇIRILEN DABARA
2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip atlandyrylmagy mynasybetli Beýik Watançylyk urşy muzeýinde dabara gurnaldy. Oňa il sylagly ýaşulular, welaýatymyzyň tanymal medeniýet we sungat işgärler, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň işjeň agzalary gatnaşdylar.
Dabara gatnaşyjylar muzeýde Beýik Watançylyk urşunda ildeşlerimiziň frontda we tylda görkezen edermenligini, merdanalygyny, halkymyzyň belent ruha, watançylyk duýgusyna ýugrulan gahrymançylygyny beýan edýän gymmatly we köptaraplaýyn muzeý gymmatlyklary jemleýän sergä tomaşa etdiler. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzyň atasy, ussat mugallym, gaýduwsyz esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň nusgalyk durmuşy barada çykyşlar dabara gatnaşan ýaşlar üçin göreldeli mekdebine öwrüldi.
Muzeýe ildeşlerimiz tarapyndan sowgat berlen dürli görnüşli gymmatbaha esbaplar we şaý-sepler türkmen halkynyň Beýik Ýeňşiň gazanylmagyna uly goşant goşandygyna şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň çäginden uzaklarda mukaddes Watan goragynda gahrymançylykly söweşip, wepat bolan türkmen gerçekleriniň atlary «Hatyra» kitabynda baky orun alandyr. Şonuň bilen birlikde Beýik Watançylyk urşundan mukaddes ojaklaryna ýeňiş bilen gaýdyp gelen türkmenistanly esgerleriň atlary «Şöhrat» kitabyna girizildi. Olaryň uruşda we tylda görkezen edermenligi, geçen gahrymançylykly we şöhratly ýoly asyrlar boýy ýaşar. Oňa «Beýik Watançylyk urşy» muzeýinde jemlenen muzeý gymmatlyklary aýdyň şaýatlyk edýär.