AHLAK TERBIÝESI MEDENI MIRASYMYZYŇ GÖNEZLIGI


AHLAK TERBIÝESI MEDENI MIRASYMYZYŇ GÖNEZLIGI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda ene-mamalarymyzdan miras galan milliligimizi, maşgala mukaddesligi, sagdyn durmuş ýörelgelerini we edep-terbiýäni ýaş nesillerimize wagyz etmek biz zenanlaryň paýyna düşýär.

Bilişimiz ýaly biziň parahat asuda ýurdumyzda Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda, türkmen zenanlarymyzyň, gelin-gyzlarymyzyň sarpasy belentden tutulýar. Biz hem muňa jogap edip, zenanlar bolup öz zähmet ornumyzda iş ýerlerimizde abraýly, asylly, watanymyza wepaly zähmetsöýer işjeň zenanlar bolup ýetişmek ugrunda jan aýaman zähmet çekmelidiris. Gadymdan gelýän ene-mamalarymyzdan bize miras galan asylly däpleri, şol sanda milliligimizi geljege tug edip göterjek biziň ýaşlarymyzdyr. Şol mynasybetli gelin-gyzlarymyzyň, zenanlarymyzyň asylly ýörelgelerine eýerip, biz bu gün Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ilkinji zenanlar guramasynyň gurnamagynda «Ahlak terbiýesi medeni mirasymyzyň gönezligi» atly wagyz-nesihat çäresi geçirdik. Bu maslahatyň many-mazmuny ýagny, ylym-bilim alýan, talyp gelin-gyzlary belent watansöýüjilik ruhunda, milli mirasymyza hormat goýmak, zähmete söýgi döretmek, millilik, maşgala mukaddesligi, arassa ahlaklylyk, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek ruhunda terbiýelemek bilen baglanyşyklydyr.

Maslahatyň dowamynda Aşgabat şäher saglygy goraýyş müdirliginiň bäşinji saglyk öýüniň maşgala lukmany Rejepowa Ogulsabyr Şagulyýewna, Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Aşgabat energetika orta hünär okuw mekdebiniň ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy Mähri Annalyýewa, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy ilkinji demokratik partiýasynyň orunbasary Annanabat Hojamämmedowa dagylar çykyş etdiler.

Olaryň talyp gyz-gelinlere beren manyly, täsirli gürrüňleri ýatdan çykmajak pursatlary döretdi. Dabaranyň ahyrynda Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan alkyşly sözler bilen jemlendi. Goý Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun! Ähli il ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Aýgül ÝAGŞYÝEWA



Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy, Türkmenistanyň at gazanan artisti