HALK ÝÜREGINI SÖZLÄN ŞAHYR
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gurbannazar Ezizowyň doglan gününiň 85 ýyllygyna bagyşlap 28-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebinde «Halk ýüregini sözlän şahyr» ady bilen, kitaphanamyzyň baý kitap hazynasyndan göçme kitap sergisini gurady. Häzirki ajaýyp döwrümizde Gurbannazar şahyryň ölmez-ýitmez eserleri ýaş nesilleri terbiýelemekde gymmaty hiç zat bilen ölçelmeýän täsiriniň ulydygy hakynda kitaphana hünärmeniniň beren gyzykly gürrüňleri ýaşlarda aýratyn täsir galdyrdy. Gurbannazar Ezizowyň döredijiligindäki gözellik, sadalyk we ruhubelentlik, millilik duýgusy bilen çeper beýan edilen goşgularynyň many-mazmun baýlygy dogrusynda hem söhbetler edildi.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar bagtyýarlyga beslenýän döwrümizde tanymal şahyr Gurbannazar Ezizowyň edebi mirasyna ýokary berip, onuň döredijiligini öwrenmeklikde uly işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan etdiler.
