ENÄ TAGZYM–MUKADDESLIGE TAGZYM
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Halkara zenanlar güni mynasybetli «Enä tagzym–mukaddeslige tagzym» atly sergi geçirildi.
Gözel ülkämiziň şatlyk-şowhuna beslenip gelen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, ata kesbini mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda täzeden dogýan güneşli günlerimiz toý-baýramlara beslenýär. Garaşsyzlygy baýdak edinip, hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolan eziz Watanymyzda ene arzuwlary wysal tapýar. Ene arzuwy, elbetde, parahatçylyk, agzybirlik, birek-birege ynanyşmak hem hormat-sarpadan başlanýar.
Bahar paslynyň ajaýyp baýramçylyklaryndan biri bolan assa ýörüşli, uz basyşly zenanlarymyzy mertebeläp her ýylyň bahar paslynyň ilkinji günlerinde bellenilip geçilýän «Halkara Zenanlar güni» mynasybetli Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Enä tagzym–mukaddeslige tagzym» atly sergi guraldy. Sergidäki şekillendiriş sungatynyň naýbaşylary amaly-haşam sungatynyň üsti bilen türkmen zenanynyň göwnüne zynat, ýüregine ganat berýän mähir-muhabbetiň nusgalyk keşbini beýan edýär. Zenanlardan ylham alyp döredilen sungat eserleri halkymyzyň öçmejek taryhynyň gymmatlyklarydyr.
