MUZEÝE GEZELENÇ


MUZEÝE GEZELENÇ

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen halkymyzyň taryhyny öwrenmek, merdana pederlerimiziň sarpasyny belentde tutmak, şu günki we geljekki nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemek babatda uly işler amala aşyrylýar. Çünki halkymyzyň gadymy mirasyny, mukaddes ýoly öwrenmek, olary goramak bilen Watanymyzyň beýikligine, taryhynyň şöhratlydygyna göz ýetirýärsiň. «Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygary astynda geçýän, hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýunyň bellenilýän ýylynda ýurdumyzda birnäçe toýdur dabaralar dowam edýär. Bu günki gün biz Garaşsyz Watanymyzyň saýasynda ýene-de bir uly baýram bolan 8-nji mart “Halkara zenanlar güni” garşylaýarys.

Türkmen muzeýleri bu gün uly ynam bilen halkara derejesine çykýar. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly öňdengörüji syýasaty esasynda gurlup ulanylmaga berilýän her bir bina döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylýar. Ýurdumyzyň muzeýlerinde hem şeýle işleriň alnyp barylýandygyny görmek bolýar. Bu bolsa muzeýe gelýän raýatlarymyzda hem-de ýurdumyzyň myhmanlarynda uly täsir galdyrýar. Şeýle muzeýleriň biri-de Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýidir. Türkmenistanyň Daşary işler Ministrliginiň Halkara Gatnaşyklar institutynyň talyplarynyň we mugallymlarynyň gatnaşmagynda şu gün muzeýe gezelenç gurnaldy. Halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden milli gymmatlyklaryny has çuňňur öwrenip geljekki nesillerimize ýetirmek milli mirasymyza içgin aralaşýan muzeý işgärleri tarapyndan uly işler alnyp barylýar. Taryhy we medeni gymmatlyklarmyzy öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlarymyzy aýdýarys.