ZENANLAR BAÝRAMYNA TEATRLARYŇ DÖREDIJILIK SOWGADY
Hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk derejämiziň şanly 30 ýyllyk toýy giňden toýlanýan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzyň» ajaýyp bahar aýynda bellenilip geçilýän Halkara Zenanlar gününe bagyşlap, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi bilelikde Halkara Zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň teatrlarynyň arasynda «Mähre doly eneleriň ýüregi» atly döredijilik bäsleşigini ilkinji gezek geçirdi. Elbetde, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň peşgeş berýän ajaýyp eserleri milli ruhumyzyň gaýmagyna öwrülip täze döredijilik başlangyçlary esasynda medeniýetimizi gülläp ösdürmekde ylham çeşmesine öwrülýär. Şundan ugur alnyp, bu bäsleşigiň maksady Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym–mukaddesliklere tagzym» we beýleki atalyk kitaplarynda beýan edilýän, şeýle hem milli el işleriniň, gölleriň, nagyşlaryň döreýşi bilen bagly rowaýatlary, tymsallary, hekaýatlary sahna eseriniň üsti bilen giňden şöhlelendirýän, taryhy zenan şahsyýetlerimiziň şöhratyny dabaralandyrýan, dessanlarymyzda we şadessanlarymyzda zenan mertebesini belende göterýän wakalary, müňýyllyklaryň dowamynda milli ýörelgelerimizi we maşgala mukaddesliklerimizi mynasyp dowam etdirip gelýän enelerimiziň hem-de gelin-gyzlarymyzyň watansöýüjilik, pähim-paýhas, salyhatlylyk, ak ýüreklilik, gaýratlylyk, wepadarlyk, mertlik, ar-namyslylyk, mylaýymlyk, merdana atalarymyzyň nurana ruhlaryna ygrarly nesli ýetişdirmek ýaly ajaýyp häsiýetlerini wasp etmekden ybaratdyr. Teatr bäsleşigine hödürlenen täze sahna eserleriniň temasynyň dürliligi hem-de öňde goýlan maksada laýyklykda sýužetleriň düzülmegi bu eserleriň tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn kabul edilmegine esas berýär. Drama eserleriniň esasy bölegi ýurdumyzda zenanlara goýulýan sarpa, olaryň sülük barmaklaryndan dörän el işleriniň mertebesi, nesil terbiýesinde zenan mähremliginiň derwaýyslygy dogrusynda ýaşlary terbiýelemekde iňňän ähmiýetli tema bagyşlandy. Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda sahnalaşdyran «Mukaddeslige tagzym» atly sahna oýnunda eziz Watanymyzda mähriban enelerimize, ähli gelin-gyzlarymyza çuňňur sylag-sarpa goýmak, mähirli, mylaýym, halal, päkize, sabyr kanagatly zenanlarymyzy halkymyzyň guwanjy hem buýsanjy saýmak gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan ruhy ýörelgämizdigi giňden dabaralandyrylýar.


Ýurdumyzda zenan mertebesine belent hormat goýulýandygy, zenanlarymyzyň çaglaryň milli terbiýeçilik ulgamynda tutýan orny barada Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynda sahnalaşdyran «Enä tagzym – tagzym mukaddeslige» atly sahna oýnunda bolsa agzybir maşgalanyň döwletimiziň esasy sütünidigi ündelýär. Eziz Watanymyzda maşgala mukaddeslikleri bilen bagly milli däpleri kämilleşdirmäge, eneligi we çagalygy goramaga aýratyn üns berilýändigi bu sahna eserinde janlandyrylýar. Her bir ynsan üçin ene – mukaddeslik, zenan – mähribanlykdyr. Şundan ugur alnyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda sahnalaşdyrylan «Ene sarpasy» atly sahna oýnunda ene söýgüsiniň beýik mukaddesliklerdigi, ynsan ýaşaýşynyň çeşmesidigi wagyz edilýär. Mälim bolşy ýaly, jemgyýetiň sazlaşykly ösmeginde milli agzybirligimizi, mizemez jebisligimiziň barha berkitmekde, ösüp gelýän nesillerimizde halkymyzyň at-abraýyny we mertebesini ýokary göterip gelýän watansöýüjilik, maşgala ojagyna wepalylyk, pähim-paýhaslylyk, salyhatlylyk häsiýetleri terbiýelemekde zenanlarymyzyň nusgalyk göreldesi hem-de hyzmaty örän ulydyr. Bu sahna oýnunda türkmen maşgala ojagyndaky bolup geçýän täsir wakalaryň üsti bilen ene mukaddesligi çeper şöhlelendirilýär. A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda M.Myşşyýewiň eseri esasynda sahnalaşdyrylan «Ene» atly sahna oýnunda halkymyzyň baý durmuş tejribesine esaslanýan milli terbiýeçilik mekdebinde ýaşlarda watansöýüjilik, milli mirasa sarpa goýmak, maşgala mukaddesliklerini gorap saklamakda, ýaşlarymyzyň şan-şöhratdan doly geçmişimize buýsanmak ruhunda terbiýelemekde maşgala däpleriniň ähmiýeti enäniň hem-de onuň perzentleriniň arasyndaky gatnaşyklary bilen wakalaryň üsti bilen çeper beýan edilýär. Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda sahnalaşdyrylan «Ynsanlygyň göwher gaşy» atly sahna oýnunda berkarar Diýarymyzda durmuşyň ähli ugurlarynda gazanylýan deňsiz-taýsyz ösüşlerde zenanlaryň hyzmatynyň ähmiýeti wasp edilýär. Çaglaryň kämil şahsyýet bolup ýetişmeginde maşgala terbiýesiniň, enelerimiziň, gelin-gyzlarymyzyň ynsanperwerlik ýörelgeleriniň ýaşlaryň parasatly atalarymyzyň nurana ruhlaryna ygrarlylygy çeper sahna wakalarynyň üsti bilen tekrarlanýar. Gahryman Arkadagymyz jöwher paýhasyndan dörän «Enä tagzym – mukaddeslige tagzym» atly eseriniň 6-njy sahypasynda «Dünýäde meşhur şahsyýetleriň, beýik ynsanlaryň durmuşy dogrusynda dowamata öwrülýän öwütleriň, pentleriň ençemesi taryhdan belledir. Şolaryň ählisinde bar bolan özara meňzeşlik, mahsuslyk bolsa, enä bolan söýgi diýilse, hemmeler munuň bilen ylalaşarlar»-diýip parasatlylyk bilen belleýär.


Mundan başga-da, bäsleşikde buýsançly taryhymyzda özüniň nurana döredijiligi, Watan goragynda nusgalyk işleri bitiren merdana zenanlarymyza bagyşlap sahna oýunlary döredildi. Lebap welaýatynyň S.Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda sahnalaşdyran «Altynjan hatyn» atly sahna oýnunda Beýik Seljuklar şadöwletiniň taryhynda yz galdyran Altynjan hatynyň Watan goragyndaky nusgalyk edermenligi giňden wasp edilýär. Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda sahnalaşdyrylan «Sabyr Ataýewa» atly sahna oýnunda bolsa belli teatr we kino artistiniň durmuş ýoly, hem-de döredijilik mirasy barada gyzykly maglumatlar çeper sahna wakalarynyň üsti bilen tomaşaçylara ýetirilýär. Arkadag şäheriniň A.Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda B.Annanowyň eseri esasynda sahnalaşdyrylan «Kärizgenler» atly sahna oýny zähmetsöýer türkmen zenanyň gahrymançylyklary wasp edilýär. Ene topragymyzyň rysgal-bereketiniň ynsanyň gujurly gollary bilen pür-pudak güller açýandygy bu sahna oýnunda gyzykly wakalaryň üsti bilen çeper beýan edilýär.

Döredijilik bäsleşiginde ýaşlar hem-de çagalar üçin sahna oýunlary bilen tomaşaçylary begendirmäge aýratyn ýns berildi. Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatrynda sahnalaşdyrylan «Ene süýdi» atly sahna oýnunda ene süýdüniň mukaddesligi, enäniň perzendine mährem söýgüsi, zenanyň göwnüni ýykmaklygyň günä iş hasaplanýandygy, enäni razy etmek bolsa sogaplaryň iň belendidigi dabaralandyrýar. Daşoguzyň N.Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda sahnalaşdyrylan «Ejekejan» hem-de Türkmen döwlet gurjak teatrynda sahnalaşdyrylan «Mährem ene» atly sahna oýunlarynda dünýä akyldarlarynyň, ýagşyzadalaryň miras galdyran eserlerinde, halk döredijilik eserlerinde ene söýgüsiniň perzendi ähli kynçylyklardan goraýandygy, enä goýulýan hormatdan ynsanyň durmuş ýolunyň ýagtylanýandygy gyzykly wakalaryň üsti bilen janlandyrylýar.

Görnüşi ýaly, ýurdumyzyň teatrlarynyň arasynda Halkara zenanlar güni mynasybetli ilkinji gezek geçirilýän «Mähre doly eneleriň ýüregi» atly döredijilik bäsleşigi köp öwüşginli temalara we çeper sahna wakalaryna baý sahna oýunlaryndan düzüldi. 2025-nji ýylyň 1-nji martynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky sazly-drama teatrynda döredijilik bäsleşigi dabaraly jemlendi. Bäsleşigiň netijeleri boýunça Arkadag şäheriniň A.Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň «Kärizgenler» atly sahna oýny «Iň gowy sahna oýny üçin» atly baş baýragy eýe boldy. Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatry «Spektaklda artistleriň iň gowy sazlaşykly hereketleri (ansambly) üçin», Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatry «Sahna eserinde milli däp-dessurlary giňden wagyz edýändigi üçin» hem-de «Spektaklda ýaş artistleriň ýokary ussatlygy üçin», Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatry «Taryhy zenan şahsyýetiniň gahrymançylygyny iň gowy dabaralandyran sahna oýny üçin» hem-de «Spektaklda keşplere kybap gelýän milli lybaslary taýýarlandygy üçin», A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatry «Zenanlaryň şahyrana döredijiligini giňden dabaralandyrýandygy üçin», Türkmen döwlet gurjak teatry «Sahna bezeginde täze gözlegleri üçin», Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatry «Spektaklda ýaş artistleriň ýokary ussatlygy üçin», Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatry «Spektakly täze döredilen sazlar bilen bezändigi üçin» hem-de «Tomaşaçylaryň söýgüsini gazanan spektakl üçin» atly ýörite baýraklara, şeýle hem döredijilik bäsleşiginde aýratyn tapawutlanan teatr işgärleri höweslendiriji baýraklara mynasyp boldular. Ýeňijilere Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Diplomlary hem-de Hormat hatlary hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň sowgatlary gowşuryldy. Ýakymlylygy, ajaýyplylygy bilen ynsan köňüllerine ylham-joşgun paýlaýan bahar paslynda giň gerimde toýlanýan Halkara zenanlar güni mynasybetli geçirilýän teatrlaryň döredijilik bäsleşigi mährem enelerimize, mähriban gelin-gyzlarymyza, eziz uýalarymyza medeniýet we sungat işgärleriniň özboluşly sowgady boldy.